Ýaşlaryň ylym älemindäki üstünligi

17 Iýun 2024
159

12-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilen Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň 107-si ýeňiji bolup, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, degişli diplomlar gowşuryldy.

Biz bu bäsleşikde ýeňiji bolan nebitgazçy ýaş alymlaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Taýýarlan Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.