Zähmet — bag, adam — bagban

16 Iýun 2024
1209

Hünär öwrenmek kämillige we bagtyýar durmuşa açylýan esasy ýoldur. Şu nukdaýnazardan, hünär babatda kämil nesli kemala getirmek ugrunda döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär. Çagalykda her kim bir hünäre höwesli bolýar. Biri mugallym bolmagy arzuw etse, beýlekisi lukman, ýene biri uçarman bolmak isleýär. Kämillik ýaşyna ýetilenden soňra bolsa, ýetginjek belli bir käriň eýesi bolmak, ilkinji hünär bilimini almak barada pikir edýär. Durmuşynyň şu gyzykly döwründe her bir adamda hünär barada gyzyklanmalarynyň artmagy tebigydyr. Munuň sebäbi durmuşda kesp-kärleriň, hünärleriň görnüşleriniň köpdürlüligi bilen düşündirilýär. Diňe bir köplügi bilenem tapawutlanman, eýsem, her hünär özboluşly gyzyklylygy, özüne çekijiligi, täsirliligi bilen hem tapawutlanýar. Şonuň netijesinde hem, her bir adam özüniň ukybyna görä hünär saýlap almaga ymtylýar.

Islendik kär zähmetsöýerligi, gujurlylygy, gaýratlylygy talap edýär. Islendik kärde-de yhlas siňdirilip, der dökülip, halal zähmet çekilse, üstünlige ýetip bolýar. Çünki hünärleriň ählisi ynsan yhlasynyň miwesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Zähmet endiklerini özleşdirmek hünäre ezberligi hem kemala getirýär» diýip belleýär. Akyldarlar hünärli adamlary miweli daragta, senedi bolsa eliniň altyn bilezigine meňzedipdirler. Ozal bir şägirt halypasyndan haýsy işiň aňsatdygyny sorapdyr. Halypa: «Her iş öz ussasynyň elinde aňsat» diýip, gysgadan çuňňur manyly jogap beripdir.

Ogultäç SABYROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.