Depginli ösüşiň hereketlendiriji güýji

15 Iýun 2024
170

12-13-nji iýunda Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat dünýäniň dürli döwletlerinden ýöriteleşdirilen edaralaryň, merkezleriň ýolbaşçylarynyň, alymlaryň, professor-mugallymlaryň uly toparyny bir ýere jemledi. Forum deslapky gününde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde umumy mejlis bilen açylyp, onda birnäçe hyzmatdaş ýurtlaryň hem halkara guramalaryň wekilleriniň çykyşlaryna orun berildi. Maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi.

Köpugurly çärelere gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň käbiriniň wekilçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki şertlerinde ylmy ilerlemeleriň orny, türkmen alymlarynyň gazanan üstünlikleri, forumyň ähmiýeti baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklananymyzda:

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».