Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

14 Iýun 2024
183

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.