Milli dessurlar

13 Iýun 2024
794

Haly, palas dokamak, keçe basmak türkmen halkynda, esasan, gelin-gyzlaryň senetçiligi hasaplanýar. Asyrlaryň çuňluklaryna uzaýan haly, palas, keçe senetçiligi bilen bagly köp sanly dessurlar hem döräpdir.

Haly, palas kesilende, bu işi ilki iň sylagly halyçy başlapdyr. Soňra bu dabara gatnaşyjylaryň hersi bir garyş ýaly ýerini kesip, syndyny yzyndaka geçiripdir. Haly eýesi haly kesilip bolansoň, onuň erşinden iki-üç tary alyp, haly kesmäge gatnaşanlaryň başyna daňyp çykypdyr.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.