Bogursak

6 Iýun 2024
860

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde «bogursak», beýleki sebitlerde «pişme» ady bilen belli bolan süýji tagamly, ýagda bişirilýän dörtburç şekilli nygmatyň özboluşly taryhy bar.

Rowaýata görä, oguz nesillerinden bolan Bugra han ýörişleriniň birinde aşpezine bugdaý unundan bir üýtgeşik tagam taýýarlamagy buýrupdyr. Aşpez derhal hamyr edip, romb görnüşinde kesip, ony ýagda bişirýär. Bu tagam hana şeýle bir ýarapdyr welin, ony gaýta-gaýta taýýarlamagy buýrupdyr.

Altyn HOJAMOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Pensiýa gaznasynyň işgäri.