Mähir ojagy

6 Iýun 2024
988

Ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde biz, ilkinji nobatda, milli gymmatlyklarymyza, edebi we medeni mirasymyza, asylly däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza daýanmaly, şeýdip çagalarda milli aňyýetiň berk hem sarsmaz binýadynyň esasyny kemala getirmeli. Gahryman Arkadagymyzyň ündeýşi ýaly, islendik terbiýeçilik işiniň gönezliginde milli mazmun, milli öwüşgin, türkmen ruhy bolmaly. Şahsyýetiň aňynda türkmen milli ruhy kemala gelip, goýazylaşan halatynda onuň öz halkynyň hakyky merdana ogly bolup ýetişjekdigi gümansyzdyr. Şeýle şahsyýetiň ata Watana, ene topraga bolan söýgüsi bimöçberdir, biserhetdir, uç-gyraksyzdyr. Ata Watanyňa, göbek ganyň daman topragyna, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň soňky nesillere galdyran maddy we ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasymyza bolan söýgi, guwanç, buýsanç hem mähir duýgulary öz-özünden döremeýär. Bu belent mukaddes söýginiň, guwanç hem buýsanç duýgularynyň köki-damary maşgala terbiýesinden hem görüm-göreldesinden gözbaş alyp gaýdýar.

Ata-babalarymyz: «Ýagşy aýal — öýüň rysgalynyň daýanjydyr» diýipdir. Maşgalasyny, çagalaryny açlykdan, hor-homsulykdan başbitin alyp çykmak üçin ýanbermez enelerimiziň asyrlarboýy ähli kynçylyklary egni bilen çekip gelendigi bize geçmiş taryhymyzdan mälim. Olar ýygnanja ätiýaç azyklaryny, çörekdir höreklerini, nandyr huruşlaryny günlere, hepdelere, aýlara bölüşdirip, çagalarynyň gündelik iýjek iýmitiniň möçberini kesgitläpdiler, öz iýjegini perzentlerine paýlan enelerimiz hiç mahal tygşytlylygy elden bermändirler. Şeýdip, baryny baýlyk saýyp, ýoguna sabyr eýläp, arly gyşdan ýaza, ýazdan tomsa, tomusdan bereketli, ir-iýmişli güýze ýetipdirler. Mukaddes maşgala ojagynyň alawyny söndürmän oturan kümüş saçly mähriban enelerimiz mähribanlygyň, mähir-muhabbetliligiň, rysgal-döwletliligiň, agzybirligiň simwolydyr, ýaýraw şahalary bol-telki miwe getirýän berdaşly nesil daragtynyň köki-damarydyr.

Çary GURBANGELDIÝEW,