Daşky gurşawyň goragynda

3 Iýun 2024
132

Ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri emeli döredilýän tokaý seýilgäh zolaklarydyr. Tokaý seýilgäh zolaklary Ýer togalagynyň öýkenidir. Sebäbi atmosferadaky kislorodyň 60 göterimi tokaý seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Orta boýly 1 bag nahaly bir gije-gündiziň dowamynda 3 adamyň dem almagy üçin gerekli kislorody bölüp çykarýar. Tokaý seýilgäh zolaklarynyň 1 gektary bolsa şol bir wagtda 24 kilogram kömürturşy gazyny özüne çekýär. Bir ýylyň dowamynda tokaý seýilgäh zolaklarynyň 1 gektary 50 - den 70 tonna çenli tozany öz üstünden geçirip howanyň tämiz bolmagyny üpjün edýär.

Tokaý seýilgäh zolaklarynda ýangynlaryň öňüni almak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan degişli kararlar kabul edilip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärlerinden düzülen toparlar ýangyn söndüriş awtoulaglary bilen nobatçylyk çekip, gözegçilik işleri alnyp barylýar.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölüminiň müdiri.