Baglar — köňül saýasy

30 Maý 2024
1132

Dünýä medeniýetiniň bäşinji ojagy we ekerançylygyň Watany bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri, dag çeşmeleri, hasylly topragy we amatly howa gurşawy ýurduň ösümlik dünýäsini baýlaşdyryp, ekerançylygyň netijeli häsiýete eýe  bolmagyny üpjün edýär. Geçirilen gazuw-agtaryş işleri gadymy döwürde ýurdumyzyň ýaýlalarynyň gülläp ösendigini, paýhasly pederlerimiziň ekerançylyk, miweçilik bilen meşgullanandygyny görkezýär.

Diýarymyzda her ýyl birnäçe gezek hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi bilen millionlarça bag nahallary oturdylyp, dürli şekilleri özünde jemleýän ajaýyp haly ýaly gözelligi döredip, olara ýylyň ähli paslynda döwrebap ideg etmek işleri ýokary derejede ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan has-da sagdynlaşmagy üçin soňky ýyllarda tokaý zolaklarynyň, ajaýyp seýilgähleriň, seýilbaglaryň örän köp sanlysy döredildi. Şeýle seýilgähleriň biri hem 17-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan gojaman Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumydyr. Ol ýerde Magtymguly Pyragynyň Zemin togalagyndaky iň belent heýkeli gurlup, oňa barýan basgançakly ýolda ýerleşdirilen 5 sany haly göllerimiziň şekilleriniň iki gapdalyny  dürli bag nahallary, arçalar we ýaşyl meýdan otlar bilen bezelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Berdimyrat GULHANOW,
«Altyn bag» hojalyk jemgyýetiniň direktory.