Taryhy şäher — Änew

30 Maý 2024
882

Türkmen topragy örän gadymy taryhy maglumatlary özünde saklaýan mekandyr. Änew şäheri hem şeýle baý taryhy maglumatlara eýedir. Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki 4-5 müňýyllyklarda dowam eden Jeýtun medeniýetiniň we Änew medeniýetiniň keramiki önümleriniň umumylyklary we aýratynlyklary düýpli öwrenilmegini talap edýär.

Türkmen topragynda ilkinji ekerançylyk we maldarçylyk medeniýetleri bolan Jeýtun, onuň yzy bilen bolsa Änew medeniýeti kemala gelipdir, dowam edipdir we gülläp ösüpdir. Neolit zamanynda Jeýtun medeniýetiniň keramiki önümleri inçeden uzyn görnüşinde böleklere bölünip, kesilip alnypdyr. Olary biri-biriniň üstünden ýelmäp, gerek bolan gaby ýasap, soňundan gabyň içi we daşy endiganlanylypdyr. Endiganlanylan gaplary Günüň gyzgynlygyna guradypdyrlar we ýylmapdyrlar. Soňundan, gaplara nagyş çekipdirler. Palçygynyň düzümine bolsa, owradylan saman goşulypdyr. Jeýtun keramikasynyň nagyşlarynyň esasy görnüşlerine tolkun görnüşli çyzyklar, kese we dik çyzyklar, ýaý we gözenek şekilindäki, seýrek ýagdaýda bolsa, üçburçluk şekilindäki nagyşlar degişlidir.

Enejan NAZAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.