Tebigat — janly dünýä

30 Maý 2024
188

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek babatda yzygiderli işleri amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär.

Parasatly ata-babalarymyz tebigata hemişe aýawly garapdyrlar. Tebigaty söýüp, gözüniň göreji ýaly gorapdyrlar. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Agaç bolan ýerde pudak synar» ýa-da «Bagym bar, barym bar» diýen pähimli jümleleriň beýan edilmegi hem tebigata, tebigy gözelliklere bolan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

Bagtyýar GURBANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.