Maşgala binýadynyň kämilligi ugrunda

30 Maý 2024
1046

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maşgala baradaky alada döwletimizde esasy orunda durýar. Çünki maşgala — bu kiçijik döwlet. Her bir kiçijik döwlet bolsa ýurdumyzyň sarsmaz sütünini emele getirýär. Müňlerçe ýyllyk taryhyň dowamynda bolşy ýaly, halkymyz her bir nesilde ýokary ruhy-ahlak başlangyjyny, dogruçyllygy, hoşniýetliligi, zähmetsöýerligi, ululara bolan hormaty kemala getirýän mukaddes maşgala gymmatlyklaryny saklap gelýär. Ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan belent maşgala islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidir. Maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti diýseň uludyr. Maşgala adamlara ruhy baýlyk, ahlak gymmatlyklaryny siňdirýär. Maşgalada iň gowy gylyk-häsiýetler kemala getirilýär. Şundan ugur alyp, biz hem ýurdumyzda halkymyzyň maşgala hormat goýmak ýörelgeleriniň hukuk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek maksady bilen, alnyp barylýan işlere mynasyp jogap bermäge çalyşýarys. Bu il-ýurt bähbitli işlere saldamly goşant goşmak maksady bilen, ilat arasynda wagyz-ündew işlerini yzygiderli alyp barýarys. Geçirýän duşuşyklarymyza jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň jogapkär işgärleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri bilen birlikde halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagy bu işleriň netijeliligini has-da artdyrýar. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen häzirki günlerimizde ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň baýlaşdyrylmagy ugrunda edilýän aladalaryň türkmeniň maşgala edebiniň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýändigi uly buýsanç bilen bellenilýär. Şeýle-de maşgala mukaddesligini goramakda, nesil terbiýesinde milli ýörelgelerimize daýanmagyň paýhasly pederlerimizden bize miras galan uly baýlyk, taýsyz sowgat bolmakdan ötri biziň her birimiz üçin gaýragoýulmasyz borç bolup durýandygyna aýratyn üns çekilýär.

Nartäç AÝDOGDYÝEWA,
Dänew etrap raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri.