Gözel tebigaty ýangyn howpundan goralyň!

29 Maý 2024
320

Watanymyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklap, ýangynlaryň ýüze çykmak howpunyň öňüni almak hemmeleriň borjudyr. Şol esasdan, ösüp oturan daragtlaryň arasy haşal otlardan arassalanyp, hatar hem zolak aralarynda sürüm işleri geçirilip, ýangyn howpsuzlyk zolaklary döredilse, ýangyn hadysalarynyň öňüni almaga uly ýardam eder. Bölünip berlen çäklere jogapkär adamlar bellenip, ol çäkler ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir gurallarynyň ählisi bilen üpjün edilmelidir.

Boý alan daragtlaryň şahalarynyňdyr pürleriniň howadan geçirilen elektrik geçirijilerine degmezliginiň öňüni almak üçin, olar kesilip aýrylmalydyr. Aslynda, ýokary kuwwatly elektrik geçirijileriniň aşaklarynda daragtlary ekmeklik ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk däldir.

Annamämmet Gulnazarow,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.