Tebigata we sagdynlyga ýakynlyk

29 Maý 2024
498

Ýene dört günden — 3-nji iýunda Ýer ýüzünde Bütindünýä welosiped güni belleniler. Bütin adamzat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ykrarnamasyna öwrülen bu baýramy indi ýedinji gezek garşylaýar. Bu şanly senäni bellemek baradaky başlangyç bolsa hut biziň döwletimize — sportly Türkmenistana degişlidir.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Bütindünýä welosiped gününi bellemek baradaky başlangyjy Milletler Bileleşigine 2018-nji ýylda hödürläpdi. Şol ýylyň aprel aýynda bolsa Baş Assambleýa degişli Kararnamany kabul edip, 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etdi. Şondan bäri adamzat her tomsuň üçünji gününde bu baýramy agzybirlik bilen belläp gelýär.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.