Meşhurlyga eýe bolan türkmen halylary

28 Maý 2024
766

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň çeken bir suraty ünsümizi özüne çekýär. Ol surat halyçy Ýazbibi Ahmedowanyň portretidir.

Ýazbibi Ahmedowa XX asyryň başlarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda halyçylar maşgalasynda dünýä inipdir. Ol «Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez» diýilýän halyçy bolup ýetişipdir. «Zehin zehine ýol açýar» diýlişi ýaly, halyçy zenan dürli el hünärinden baş çykarýan aýal dogany Enejanyň 1937-nji ýylda dünýä inen gyzy Jöwza Şahberdiýewanyň hem ussat halyçy bolup ýetişmeginde-de uly tagalla edipdir.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy.