Bagy-bossan Diýarym

2 Maý 2024
354

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini artdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler pederlerimizden miras galan asylly ýörelgeleriň dowamat-dowama beslenýändigi bilen buýsandyrýar.

Tutuşlygyna ýaşyl meýdana bürenen owadan ýurdumyzyň bagy-bossanlygyny synlanyňda, Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky: «Heňňamlaryň tejribesi adam üçin ýaradylan dünýäniň mazmunyny baýlaşdyrdy. Onuň has aýdyň hem-de ýürege ýakyn duýulmagyndan Ýer ýüzünde gatnaşyklaryň düýpgöter täze hili döredi. Ol hem ýaşaýyşdaky anyk maksada düşünmegiň umumylygyna esaslanyp, onuň öňden kemala gelen bitewi tertibi, sazlaşyklylygy babatdaky garaýyşlarymyzda ýüze çykýar. Çünki ýaşamak diýmek, özüňden soň tebigatyň hem-de daşky gurşawyň bir durkunyň saklanmagy babatda aladalanylmagyny hem aňladýar» diýen sözleri hakydaňa dolýar. Bu sözler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň we wezipeleriniň milli medeniýetimiz, halkymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklarymyz bilen sazlaşykly utgaşýandygyna ünsi çekýär.

Merjen ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.