Okuw maslahaty geçirildi

2 Maý 2024
1240

Repetek döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigaty goramak — sagdyn durmuşyň kepili» atly okuw maslahatyny geçirdik. Onuň dowamynda goraghananyň çägine gezelençler guralyp, ylmy işgärleriň täsirli gürrüňleri diňlenildi. Dünýäniň başga ýerinde duş gelmeýän, diňe türkmen çöllerinde ösýän ösümlikler barada edilen söhbetler okuw maslahatyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çykyşlarda Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde ýerleşen Ýerajy döwlet çäkli goraghanasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklary barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle hem Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň tebigy aýratynlyklary boýunça biri-birinden tapawutlanýan üýtgeşik tebigy meýdanlary bolan Repetek sährasy, Ýaman tokaý gara sazakly jülgesi, Günorta, Demirgazyk jülge tokaýlyklary, Çarlak tokaýlary barada gyzykly söhbet diňlenildi.

Çemengül HUDAÝBERENOWA,
Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.