Seýil edeliň bu jahana!

1 Maý 2024
1216

Bereketli bazar

Özbegistanyň Daşkent şäheriniň Almazar etrabynda ýerleşýän «Çorsu» bazary Merkezi Aziýada iň uly bazarlaryň biri hasaplanýar. XV asyrda gurlan bu bazaryň depesi owadan nagyşlar bilen örtülen ýapyk görnüşli bolup, umumy meýdany 75 metre barabardyr. Ilatyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan bu bazar 3 gatdan ybarat bolup, aşaky gatda ýerzemin, dynç alyş otaglary, ýokarky gatlarda bolsa dükanlar ýerleşýär. Bazarda söwda nokatlary satylýan harytlaryň görnüşlerine görä bölünýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Bägül BEGENJOWA,
«Aşgabat».