Repetek — gözelligiň bir ülşi

1 Maý 2024
266

Ymgyr Garagumuň bu täsin künjegi sazak tokaýlyklary, biri-birine utgaşyp gidýän gum ulgamlary, dürli janly-jandarlary, özboluşly howasy bilen tapawutlanýar. Biz bu ýeriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri toplumlaýyn esasda alyp barýarys. Geçirilýän işleriň netijeleri bolsa her ýylyň jemi boýunça düzülýän tebigatyň ýyl ýazgylarynda jikme-jik beýan edilýär.

Bu ugurdan soňky alyp baran işlerimiziň maglumatlaryna görä, goraghanamyzyň çäklerinde ösümlikleriň 125 görnüşi bolup, olaryň 76-synyň birýyllyk ösümliklerdigi bellenildi. Şolaryň arasynda bu çäkleriň bezegi, dürli guşlaryň we haýwanlaryň mesgeni bolan ojar tokaýlyklary agdyklyk edýär. Bu täsin tokaýlyklaryň ösümlik dünýäsini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, nahalhanalarymyzda sazakdyr sözen ýaly çöl ösümlikleri tohumlaryndan köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň ýaş nahallary ösümlikleriň seýrek ýerlerine, ýollaryň iki gyrasyna oturdylýar.

Aziza FURKATŽANOWA,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy.