Hüýpüpik — başy «täçli» täsin guş

1 Maý 2024
321

Biz hüýpüpiklere sähralarymyzda, daglarymyzda, obadyr şäherlerimizdäki baglarda gabat gelýäris. Olar ýelekleriniň ýiti reňki bilen özge guşlardan tapawutlanýarlar.

Hüýpüpikler Ýer togalagynyň Afrika, Ýewropa, Aziýa yklymlaryna ýaýrandyr. Olaryň bedenleriniň uzynlygy 25 — 29 santimetre, ganatlarynyň gerimi 44 — 48 santimetre barabar. Ganatlary giň we tegelegräk görnüşde bolup, gara, agymtyl-sary reňkli zolak-zolakdyr.

Kuwandyk SAIDOW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.