Seýrek guşlaryň goragynda

30 Aprel 2024
532

Guşlar dünýä ýüzüne giňden ýaýran. Olaryň arasynda suwda ýüzýänleri, kenar ýakalaryndaky suw-batgalyk hem-de gury ýerlerde ýaşaýanlary bar. Guşlar dünýäsinde, adatça, köp sanlysy we juda seýrek duşýanlary bolýar. Seýrek gabat gelýänlere gyzylgaz, buýraly we gyzgylt gotan, toklutaý, bezbeltek, soltantowuk, turaç, gorçy ördek we beýlekiler degişlidir. Has az duşýanlara gamaburunlylar diýen topary mysal getirmek mümkin. Ýer ýüzünde guşlaryň 9 müňe golaý görnüşi mälim bolsa, şolardan 422-si Türkmenistanda duşýar.

Gamaburun ala we gara garga ölçegli, uzyn aýakly we çüňkli bolýar. Çüňküniň ujy aşaklygyna egilen. Bu alamaty bilen ony meýdan işleri geçirilende, beýleki köp guşlardan aňsat tapawutlandyrmak bolýar. Çüňküniň uzynlygy 10 — 15, ganatlarynyňky 27 — 30 santimetre barabardyr. Guýrugynyň aşagy gara. Çüňki we kellesiniň ýalaňaç bölegi (gözüniň töweregindäki halka we alkymy) ýaşylymtyl goňur reňkde. Aýaklary ýaşylymtyl gara. Kellesi we boýnunyň üstki böleginiň ýelekleri gyşky örtükde ak gaýmaly toprakpisint goňur. Gamaburun dünýä ýüzünde giňden ýaýrandyr. Ol Günorta Ýewropada, Kiçi, Alynky, Orta Aziýada, Hindistanyň we Hindi-Hytaýyň demirgazyk böleginde, Awstraliýada, Merkezi we Günorta-Gündogar Afrikanyň käbir ýerlerinde, Demirgazyk hem-de Merkezi Amerikanyň günorta-gündogar kenarynda, Türkmenistanda uly derýalaryň jülgesinde, köllerde, Hazaryň boýunda duşýar. Höwürtgeleýän ýeriniň çäginde, Ýewropadan başgasynda, Günorta-Günbatar we Merkezi Aziýada, günortaraga gidip gyşlaýar. Ýalpak suwly gyrmançaly ýerlerde iýmitlenýär. Suwdaky mör-möjekleri, balykgulaklary, itbalyklary, maýda gurbagalary we balyjaklary iýýär.

Elmira ROZUMOWA,
«Hazar» döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmeni.