Bagy-bossan, gül Diýar

24 Aprel 2024
234

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýän ata Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli geljegi, agzybirligi we bagtyýar ýaşamaklary babatda uly tagalla edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär.

Diýarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli hyzmat ediş binalary, dünýä ülňülerine gabat gelýän orta we ýokary okuw mekdepleri, köpugurly sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary mähriban halkymyzyň hyzmatynda. Şeýle ajaýyp binalaryň töweregini, seýilgähleri güller, saýaly baglar bilen bezemek ýaşaýşa bolan höwesimizi beýgeldip, ruhuňy belende galdyrýar. Ak şäherimiziň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, gyşyn-ýazyn gök baglara, ter güllere beslenip durşy göwünleri galkyndyrýar, joşgunly zähmet çekmäge, yhlasly okamaga höweslendirip, her birimize ruhy lezzet eçilýär.

Amanmämmet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Esenguly etrap birleşmesiniň baş hasapçysy.