Luw ýylynyň howasy

23 Aprel 2024
453

Müçe hasabynyň soňky it, doňuz ýyllary ýaly, luw—balyk ýyly hem aglaba ygally ýyl bolýar.

1964-nji, 1976-njy ýyllaryň baharynda gögüň «bujagy çözülen» ýaly boldy we ýyl bereketli geldi. Dowam edip duran luw ýylynda ygalymyz köp bolmaly, toprak gowy yzgarlanmaly. Çopanlary, çoluklary, babadaýhanlary ýylgyrydýan ýyllaryň biri bolmaly. Meýdanlar ýaşyl begrese bürenýär, gülälekler, çigildemler, kömelekler köp bolýar, dagetek sebitlerinde domalanlaryň bolmagyna-da şert döreýär.

Enesoltan GURBANDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.