Hazar düwlenleri

23 Aprel 2024
409

Ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi barada bilmek biziň her birimiz üçin gyzyklydyr. Şolaryň biri hem Hazar deňzinde ýaşaýan, süýdemdirijiler maşgalasyna degişli bolan Hazar düwlenidir. Düwlenleriň bu görnüşi Hazar deňziniň ýeke-täk süýdemdiriji jandary hasaplanýar. Şonuň üçin olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hazar düwleni dünýä suwlarynda duş gelýän ençeme görnüşli düwlenleriň arasynda özüniň kiçiligi boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Olaryň bedeniniň uzynlygy 130 – 150 santimetre, agramy 50 – 85 kilograma golaýdyr. Hazar düwlenleri reňki boýunça ak düwlenler, gök düwlenler, ala düwlenler ýaly görnüşlere bölünýärler. Olar süri bolup ýaşaýarlar, gury ýerde oňaýly hereket edip bilmeseler-de, suwda çalt ýüzýän jandar hasaplanylýar. Olaryň käbir görnüşi suwda sagatda 25 kilometr tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr. Olaryň öň tarapky ýüzgüçleri suwda diňe ugruny üýtgetmek üçin hyzmat edip, yzky ýüzgüjiniň kömegi bilen hereket edýär. Dünýäde düwlenleriň 30-dan gowrak görnüşi hasaba alnandyr.

Hazar düwleni ýylyň ýaz-tomus aýlarynda Hazar deňziniň orta we günorta böleginde, ýagny Ogurjaly adasynyň kenarlarynda, açyk suw giňişliklerinde gezýär, howanyň ýyly döwri bu ýerler balyklaryň sürüsidir suw leňňeçlerini awlamak üçin amatly hasaplanylýar. Güýzüne bolsa olar deňziň demirgazyk-gündogar böleginde toplanýarlar we şol ýerde gyşlaýarlar. Hazar düwleni Russiýada, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Eýranda we Hazar deňziniň türkmen böleginde, ýagny, uly we kiçi adalarynda ýaýrandyr. Hazar düwlenleri Hazar deňziniň demirgazygynda buzuň üstünde we türkmen böleginde çägäniň üstünde köpelýär. Düwlenler öz çagasyny 10 – 11 aý töweregi göwresinde göterýärler. Bu bolsa olaryň beýleki deňiz jandarlaryndan tapawudyny görkezýär. Düwlenler doglan wagty ak reňkli bolup, tüýüni düşürenden soň kümüşsöw-çal reňke öwrülýär. Bu deňiz jandarlary, esasan, ownuk balyklar, leňňeçşekilliler, maňňalçalar bilen iýmitlenýärler. Olar öz awuny gözläp, 80 – 100 metre çenli çuňlukda, birnäçe minutlap suwuň aşagynda bolup bilýärler. Olaryň uzakdan görüjiligi pes bolsa-da, ys alyjylygy we eşidiş ulgamy ösendir. Düwlenler öz awuny 300 – 400 metr aralykdan ys alyş usuly bilen duýmaga ukyplydyrlar.

Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.