Tebigaty söýüjiler gözelligiň goragynda

22 Aprel 2024
393

Golaýda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda «Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!» diýen at bilen usuly-okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guran çäresine welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Köýtendag etrabynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tutumly usuly-okuw maslahatynyň şu ýerde geçirilmeginiň özüne ýetesi sebäpleri bar. Köýtendag ýurdumyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolmak bilen, özünde janly-jandarlaryň, ösümlikleriň örän seýrek duş gelýän görnüşlerini jemleýär. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Merdan Jumaýewiň, şol bölümiň tebigat gözegçisi we wagyzçysy Rejepgül Huddyýewanyň, Lebap welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň okuw nokadynyň mugallymy, içerki gullugyň uly leýtenanty Agajan Weliýewiň we beýlekileriň çykyşlarynda umumadamzat ähmiýetli meselelerde ýurdumyzyň dünýä nusgalyk görelde görkezýändigi, dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, tebigatda deňagramlylygy saklamakda halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigi buýsanç bilen bellenilip geçildi. Bu işlere tebigaty goramak jemgyýetiniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Tebigata aýawly çemeleşmek, ýangyn howpunyň öňüni almak bilen baglanyşykly geçirilýän öwüt-ündew çäreleri saýaly we miweli agaçlaryň, dürli gülleriň nahallaryny köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek, arassaçylyk işlerini geçirmek, ozaldan bar bolan baglara ideg etmek boýunça geçirilýän ýazky we güýzki çärelere işjeň gatnaşmak bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Atageldi SEÝIDOW,
«Nebit-gaz».