Ýewropada yssy howanyň yzýany gar ýagdy

21 Aprel 2024
257

Merkezi Ýewropa geçen hepdede gar ýagdy. Bu sebitleriň ýaşaýjylary şu baharda 30 gradus yssy howa bilenem ýüzbe-ýüz bolupdylar.

Ýewropada howanyň şeýle üýtgemegi köpleri geň galdyrýar. Geçen hepdäniň sişenbe gününden başlap, Awstriýanyň käbir etraplarynda gar ýagyp başlan bolsa-da, öňki hepdäniň dynç alyş günleri ol ýerlerde howa 30 gradusdan hem ýokary derejede maýyldy. Gar düşmegi bilen baglylykda ýollarda hereket kynlaşdy.

Taýýarlan: Aýmyrat Çaryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.