Güller — göwünleriň bezegi

17 Aprel 2024
375

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, şäherdir obalaryny has-da gözelleşdirmek, abadanlaşdyrmak babatda amala aşyrýan işleriniň, bu ugurdaky goldawlarynyň guwandyryjy netijeleri berýändigini welaýatymyzyň merkezi Daşoguz şäheriniň mysalynda hem görmek bolýar. Şäheriň köçelerinde, seýilgählerinde, meýdançalarynda, edara-kärhanalarynyň, okuw jaýlarynyň töwereklerinde emele gelýän gözel görnüşler ýylsaýyn artyp, hemmeleriň ünsüni çekýär.

Bu ýerde alnyp barylýan şeýle işlere Daşoguz şäher arassaçylyk we abadanlaşdyryş trestiniň işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň hatarynda kärhananyň ýyladyşhana bölüminiň agzalarynyň hem mynasyp paýynyň bardygyny aýtmak bolar.

Ýörite habarçymyz.