Bahar gözelligi — fotosuratlarda

17 Aprel 2024
276

Türkmen tebigaty täsinliklere, syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni çekýän ajaýyp künjeklere, gözelliklere juda baý. Jümle-jahanyň gaýtadan janlanyşy, täzelenişi başdan geçirýän nurana ýaz paslynda bolsa sahawatly sähralaryň, dag-dereleriň, deňizdir derýa boýlarynyň, köl ýakalarynyň gözellikleri, umuman, mukaddes türkmen topragyna mahsus ähli ajaýyplyklar özi-de tebigatyň bir bölegi bolan ynsan kalbyna aýratyn ylham berip, ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň doktoranty, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Allamyrat AKMYRADOWYŇ ýurdumyzyň dürli künjeklerine amala aşyran ylmy-döredijilik iş saparlary mahalynda düşüren köp sanly fotosuratlarynda hem şeýle ajaýyplyklar aýdyň şöhlelenýär. Onuň fotosuratlarynda, öz käri bilen baglylykda, Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsiniň, esasan-da, dermanlyk ösümlikleriniň aýratynlyklary, jana şypaly dürli künjekleriniň gözellikleri açylyp görkezilýär.