Ýaş boksçynyň ýeňişleri

15 Aprel 2024
675

Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sportda gazanylýan üstünlikler hem biziň her birimiziň kalbymyzy joşdurýar. Ýeňşi sanardan has kän bolan şeýle türgenleriň içinde mekdep okuwçylary-da köp. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň ýokary derejede bilim almagy, sungatyň we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin döredilýän şertleriň, mümkinçilikleriň berýän miwesidir. Ýurdumyzda sporty ösdürmeklige, has-da kämilleşdirmeklige berilýän üns-aladanyň netijesinde ýaşajyk oglan-gyzlar sport zallaryna, ýörite türgenleşiklere gatnap, ussat türgenlerden tälim alýarlar. Ine, şeýle ýaş türgenleriň biri-de boksçy jigimiz Mekan Sabyrowdyr.

Ol Aşgabat şäherindäki 82-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýar. Okuwyndan daşary Olimpiýa şäherçesiniň boks boýunça türgenleşik zalyna gatnaýar. Ýaş türgende boksa bolan gyzyklanma on ýaşlaryndaka başlady. Onuň bu ugra höwesiniň bardygyny aňan kakasy ony 3-nji synpda okaýan wagtlary Köpetdag stadionynyň boks boýunça ýörite zalyna gatnatmaga başlady. Şeýlelikde, sportuň bu görnüşine bolan söýgi ony türgenleşik zallaryna, yzygiderli türgenleşikler, özüne bolan ynamy bolsa ýeňişlere ýetirdi. Şol gazanylan üstünlikleriň käbiriniň üstünde durup geçeliň.

Asman NURBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.