Iň uzyn derýalar barada

9 Aprel 2024
265

AMAZONKA
Iň uzyn derýanyň haýsydygyny kesgitlemek ahyry alymlara başartdy. 2014-nji ýylda amerikan alymy Jeýms Kontos öz ylmy-barlaglarynyň netijesine görä, Amazonka derýasynyň Nil derýasyndan onlarça kilometr uzyndygyny subut etdi. Şeýlelikde, Amazonka derýasy dünýäde iň uzyn derýa bolup, onuň uzynlygy 6 müň 800 kilometre deňdir. Onuň suw howdanynyň tutýan meýdany bolsa 6,9 million kilometr inedördüle barabar. Bu derýa Braziliýa, Peru, Boliwiýa, Kolumbiýa, Ekwador, Wenesuela, Gaýana döwletleriniň çäginden akyp geçýär.

Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.