Daşky gurşawy goramak boýunça halkara we milli hukuk kadalary

2 Aprel 2024
1154

Ýakynda «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi bilen baglanyşykly hoş habar buýsançly waka boldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ekologiýa, ynsanperwerlik we beýleki ulgamlarda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Döwletimiziň BMG-niň düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edilipdi. Bu geňeş BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamaga, seçip almaga, tassyklamaga degişli işleri utgaşdyrmak we Türkmenistanyň Hökümetine bu babatda teklipleri taýýarlamak işini ýerine ýetirer. Şeýle hem guramanyň çäklerinde halkara başlangyçlary öwrenmek, türkmen tarapy üçin maksadalaýyklygyna görä, olara goşulmak we goldamak babatda teklipleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda kabul edilen hereketleriň milli meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine syn etmek, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Zamira BABANAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.