El hünäri — il gezer

27 Mart 2024
213

Gözelligi döredýän gözeller

Millilik. Bu sözde türkmen zenanyna mahsus däp-dessurlar, edim-gylymlar, gylyk-häsiýetler jemlenendir. Gyz-gelinleriň milli geýinmek medeniýeti, el işleri bilen bejeren milli lybaslary nesilden-nesle geçip gelýän ýol-ýörelgedir. Mährem enelerden görelde alýan gyzjagazlaryň hem milli lybaslara bolan höwesi örän uludyr.