Guşlar dünýäsi

27 Mart 2024
536

Guşlar ynsanyň ganatly dostlarydyr. Olar tebigatyň zyýankeşlerini ýok etmekde biologiki goragçylarymyzdyr. Guşlar — tebigatyň tapylgysyz gözelligi we baýlygy. Biziň ýurdumyzda guşlaryň 376 görnüşi hasaba alyndy. Olaryň köp görnüşi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň hemişelik ýaşaýjylarydyr.

Taryhy maglumatlara görä, towuk şekilli guşlar (towuk, bedene, hindi towugy, tawus) Günorta — gündogar Aziýa sebitinde örän ir — neolit döwründe eldekileşdirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu guşlar Mesopotamiýa, Müsüre we Gresiýa ýaýrapdyr. Şol döwürde towuk şekilli guşlar Siriýada hem giňden köpeldilipdir. Häzirki wagtda towuk şekilli guşlaryň 7 sany maşgalasy, 280-den gowrak görnüşi bellidir.

Oral TEMIROW,
welaýat tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasy.