Ajaýyp toý sowgady

26 Mart 2024
387

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýany bolan şanly wakalar, hoş habarlar göwünlere ganat baglap, uly ruhubelentlik döredýär. 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygy barada habar bermegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly täze kitaby şöhratly taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen, netijede, gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen Änew medeniýetine bagyşlanýar. Geçmişe bolan sarpany, taryhymyza bolan buýsanjy artdyrýan bu kitap 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gadymy Oguz ýaýlasynda badalga alan toý dabaralaryna ajaýyp sowgat boldy.