Beýik ussadyň sarpasy

26 Mart 2024
243

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu ajaýyp sene mynasybetli berkarar Watanymyzda we daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrylýan baý many-mazmunly çäreler beýik söz ussadymyzyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde hem-de bütin dünýäde wagyz etmekde örän ähmiýetli bolup durýar.

Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi üstümizdäki şanly ýylda geçirilýän çäreleriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.