Damana ýolunyň ussady

26 Mart 2024
246

Türkmen topragynyň her daban ýerinde taryh bar. Onuň ilkinji sebäbi türkmeniň gadymy halkdygy bolsa, ikinjisi Oguz han pähimine eýeren pederlerimiziň hupbulwatandygy we bu asylly terbiýäni nesillere geçirip, ýörelgä öwürmekleridir. Bu hakykaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» diýen parasatly jümlesinden hem görmek bolýar.

Ýer ýüzünde islendik bir mekanyň taryhy, şol topragyň öňden bar bolan desgalarynyň öwrenilişi, töwereginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylary hem-de şol sebitde ýaşap geçen şahsyýetleri, olaryň il-ulus bähbitli, adamzat ähmiýetli açyşlary, bitiren hyzmatlary boýunça beýan edilýär. Bu usullar arkaly şol ýeriň taryhy, medeniýeti, edebiýaty... ýüze çykarylýar. Munuň şeýledigini biz gadymy Änew topragynyň mysalynda hem görýäris.

Meýlis GARAJAÝEW,
«Türkmen dünýäsi».