Gadymy Änew myhmanlary garşylaýar

26 Mart 2024
286

Türkmen topragy tebigatyň läle-reýhana beslenip, göwünlerde egsilmez ylham, döredijilik hyjuwyny, ýaşaýşa telwasy oýarýan hoşnut günlerinde dostlukly ýurtlardan gadyrly myhmanlary gujak açyp garşylaýar. Gadymy Oguz ýaýlasynda asly, ynanjy, däp-dessurydyr medeniýeti bir bolan türki döwletlerden gelen myhmanlar, alymlardyr görnükli jemgyýetçilik işgärleri, sungat wekilleri jem bolup, toý döwresini guraýarlar. Şu gün — 26-njy martda Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çärelere badalga bermek dabarasy geçirilýär.

esasy söhbede geçmezden ozal, bu ýakymly wakalar bilen bagly habarlary hem paýlaşmak ýerlikli bolardy. Olaryň ilkinjisi, 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Şu gün badalga aljak wakalara gabatlanyp çapdan çykan bu kitap foruma gatnaşyjy myhmanlara, bütin il-ulsumyza ajaýyp toý sowgady bolar. Eserde, adyndan belli bolşy ýaly, halkymyzyň geçmiş taryhynda mynasyp orny eýeleýän, dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen we dünýäde iň gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde ykrar edilen Änew medeniýeti dogrusynda söhbet açylýar. Beýleki bir hoş habar bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegidir. Munuň özi ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň halkara jemgyýetçilikde barha giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
“Türkmenistan”.