Älemgoşarmy ýa bulutmy? (Täsin tebigat)

25 Mart 2024
709

Her paslyň özüne mahsus gözelligi bar. Ýazyna ýagyş ýagandan soň, älemgoşar çykyp, adamlary begendirýän bolsa, gyş günleri ýagan garda çagalar hezil edip oýnaýarlar. Her bir paslyň aýratyn gözelliginiň bolşy ýaly, her yklymyň, sebitiň hem özüne mahsus owadanlygy bar.

Dünýäniň dürli ýerlerinde seýrek ýagdaýda duş gelýän ýüzlerçe tebigy hadysa bolýar. Olaryň birnäçesi howadaky suw damjalary bilen Gün şöhlesiniň özara gatnaşygy netijesinde peýda bolýar. Şolaryň biri hem älemgoşar reňkli bulutlardyr. Bu hadysa galyň buludyň Günüň ýüzüni tutmagy we bulutdaky suw damjalarynyň Günüň şöhlesini döwmegi sebäpli ýüze çykýar. Bulutdaky älemgoşar reňkleri, köplenç, solak, örän seýrek ýagdaýda bolsa ýiti görünýär.

Döwletgeldi KURBANKLYÇEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.