Çagalaryň kalbynda sungata söýgi

23 Mart 2024
129

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzda ýurdumyzyň geljegi bolan körpe nesliň giň dünýägaraýyşly, başarjaň, sowatly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin yzygiderli aladalar edilýär. Bu babatda körpe nesliň geljegi baradaky alada ilki bilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlaýar.

Ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim edaralarynda körpelere berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini kämilleşdirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Şeýle wezipeleri döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmakda biziň çagalar bagymyzda hem giň möçberli işler alnyp barylýar. Esasan hem, körpelerde ýaşlykdan sapaklaryň üsti bilen aýdym-saz sungatyna söýgüni döretmek ugrunda tagallalar edilýär. Aýdym-saz sungaty çagalarda içki duýgularyny, eşidişini, ýadyny, ýekelikde hem-de köpçülikde hereket edip bilmek ukyplylygyny, ritmiki duýgulary ösdürmekde esasy serişdedir. Çagalaryň kalbynda sungata söýgüni kemala getirmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kämil bilim bermek, bu ugurda öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmek her bir aýdym-saz mugallymynyň, terbiýeçiniň öz öňünde goýan esasy wezipesidir. Çagalaryň ösüşiniň talabalaýyk bolmagy üçin çagalar baglarynda aýdym-saz sapaklarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu sapaklarda diňlenilýän sazlar çagalaryň ajaýyp häsiýetleriniň, öwrenilýän aýdymlar sözleýiş diliniň we söz baýlygynyň, tanslar bolsa çaganyň fiziki başarnygynyň, sazly oýunlar çalasynlygynyň ösmegine uly ýardam edýär, saz bilen aragatnaşykda bolan çaga akyl we beden taýdan kämilleşýär.

Lola TAÝYROWA
Çärjew etrabynyň 20-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri