«...Reň kylar jahan peýda»

25 Mart 2024
169

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky Milli bahar baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen döwlet derejesinde belläp geçdi. Baýramçylyk günleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly çäreler geçirildi, dürli sport ýaryşlary gurnaldy.

Türkmen halky irki döwürlerden bäri bir hepde öňünden bu baýrama taýýarlyk görüpdir. Öýler, goşlar tämizlenip, täze lybaslary geýipdirler. Bahar baýramynyň Horezm patyşalygynyň köşgünde bellenilişi Abu Reýhan Birunynyň «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» atly işinde giňişleýin beýan edilýär. Biruny bu eseriniň gadymy halklaryň baýramçylygyna bagyşlanan babynda: «Nowruz ýaşaýşyň başlangyjydyr» diýip nygtapdyr. Birunynyň ýazmagyna görä, Nowruz gününiň ir säheri iň bagtly, şowly pursat hasaplanypdyr. Nowruz gününde ýere suw sepmek we birek-birege sowgat bermek däbi bolupdyr. Bu däbiň gelip çykyşy barada gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. X-XI asyrda Nowruz baýramynyň bellenilýän güni hökümdarlar baýramçylyk mynasybetli öz esgerlerini täze egin-eşikler bilen sylaglapdyrlar. Köşkde uly dabaralar geçirilipdir. Bazar meýdançalarynda şahyrlar öz kasydalaryny okapdyrlar, aýdymçylar aýdym aýdypdyrlar.

Akjagül Galmykowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri.