Bag — bereket çeşmesi

20 Mart 2024
342

16-njy martda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabadyň gözel künjeginde ýedi sany nahal ekdiler. Bu nusgalyk ýörelgä eýerip, ýurdumyzyň ähli ýerinde bag ekmek dabarasy geçirildi.

Şeýle haýyrly işler Arkadag şäherinde hem giň gerim aldy. Şol gün ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň demirgazygynda bag ekmek dabarasyna Arkadag şäheriniň häkimliginiň işgärleri, edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlar we talyp ýaşlar, ýaşaýjylar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

(Ýörite habarçymyz).