Tebigatyň bezegi

20 Mart 2024
270

Türkmen topragyna bahar paslynyň gelşi üýtgeşik. Haçan-da, ol ýagyş-ýagmyry bilen kükräp gelende, baglary gök dona büräp, ürgün çägeli ýaýlalary gül-gülälekler örtýär. Älem-jahan läle-reýhan bolup, tebigat täzeden janlanýar. Asman şalygyndan bölek-bölek bulutlaryň sepeleýän nury Zemine şerbet bolup inýär. Bu hut ruhy kyblamyz Magtymguly Pyragynyň:

Asmandan nur ýagsa, minewwer bolar,
Zemin ýaşyl geýip, läle getirmiş

Aýbölek BABALYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.