Ýaşyl baglar — Diýarymyzyň bezegi

20 Mart 2024
297

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gözel tebigatymyzy gülzarlyga beslemek, ony geljekki nesiller üçin gorap saklamak ugrundaky tutumly işler barha rowaçlanýar. Gün-günden özgerýän ýurdumyzda her ýylda saýaly, pürli we miweli baglar ekilýär. Diýarymyzyň obalarydyr şäherçeleri, şäherleri gür baglyga bürenýär. Bag nahallarynyň oturdylmagy, olara ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy halkymyzyň abadan durmuşy, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň gowulandyrylmagy baradaky aladanyň buýsançly beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň badalga bermeginde her ýylda ýazky we güýzki ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda bag nahallarynyň ekilmegi diňe bir ýurdumyzy gür baglyga büremek bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa abadançylygynyň hem-de halkymyzyň sagdyn durmuşynyň anyk güwäsi bolup durýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň barha dabaralanmagy türkmen ýaşlarynyň zähmetde terbiýelenmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem bu ugurda geçirilýän çärelere ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, sogaply işe mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Oguljennet Annageldiýewa,
«Balkan».