Asylly işlere dowamat

20 Mart 2024
502

Mälim bolşy ýaly, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şol asylly işleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde, gür baglyga bürenýän oba-şäherlerimizi synlanyňda, kalbyň buýsançdan dolýar.

Tebigaty goramak pikiriniň ýüze çykyş köklerini yzarlasaň, ol öz gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Ynsan bilen tebigatyň arasyndaky ysnyşyk halk döredijiliginde, dessanlarda, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar. Tebigata söýginiň zähmet terbiýesi bilen utgaşýandygy baradaky gymmatly pikirler bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde giňden açylyp görkezilýär. Milli Liderimiz kitabynda şeýle belleýär: «Ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmagy öwretmekdir. Tebigata söýgi döretmek, ýaş nahallara ideg etmegi öwretmek terbiýesi bedeniň arassa howada işjeň hereketde bolmagy bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi ýaş nesillerde rehimdarlygy, sahawatlylygy kemala getirmekde hem bähbitli bolar. Tebigata gezelenç edilen halatynda, her bir ösümligiň, jandarlaryň olarda täsir döretmegini gazanmalydyr. Bu tebigata söýgini oýarmak üçin derwaýysdyr». Ýaş nesilleriň kämil terbiýesini hemişe ilkinji orunda goýýan Milli Liderimiz zähmet terbiýesinde bag ekip, olara ideg etmek işiniň ähmiýetine üns çekýär. Munuň özi bedeniň fiziki işjeňligini artdyryp, adamyň rahatlanmagyna we saglygyny berkitmegine hem örän peýdalydyr.

Nursähet ANNAMURADOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.