Tebigatyň hemişelik sazlaşygynda

20 Mart 2024
510

Älem-jahany terlendirip, şahandaz bahar pasly geldi. Tebigatyň janlanyşyny — täzeden döreýşini synlamak her bir ynsanda ýakymly duýgulary oýarýar. Şeýle günlerde Gündogarda meşhur bolan Nowruz baýramy giňden bellenilýär. Onuň döreýşi gojaman taryhyň iňňän irki döwürlerinden gözbaş alýar.

Gadymyýetde gije bilen gündiziň deňleşýän gününi adamlar dünýäniň ýaradylan güni hasaplapdyrlar. Nowruz sözüniň manysy hem täzeden döremegi, täze güni aňladýar. Şu ajaýyp baýram mynasybetli bugdaýyň ösüp çykan şinelerinden ― ilkinji maýsalardan semeni taýýarlanylyp, ol Nowruz baýramynyň esasy tagamy hökmünde goňşy-golamlara hödür edilýär.