Sazak — sähramyzyň ýaraşygy

20 Mart 2024
366

Ýurdumyzyň çägindäki çölleriň ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Olar ekoulgamyň deňagramlylygyny saklamakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Çöl ösümlikleri hakynda gürrüň gozgalanda, ilkinji nobatda, sazak göz öňüňe gelýär. Olar ymgyr çöllerimiziň bezegi, halkymyzyň arzylaýan ösümligidir.

Sazaklar çägeleriň süýşmeginiň öňüni almakda, çölleriň haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagynda, maldarçylygyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty ýerine ýetirýärler. Ol çöl ýerinde odun hökmünde ornuny çalşyp bolmaýan ösümlikdir. Sazagyň küli-de, püri-de peýdalydyr. Halkymyz onuň tüssesini hem degna ulgamyny rahatlandyryjy serişde hasaplaýar. Ata-babalarymyz sazagyň külüni düýäniň derisini eýlemekde ulanypdyrlar. Gowy eýlenilen şeýle deriden ýasalan gowalar arkaly ýyldyz boýly çuňňur guýulardan suw çykarypdyrlar.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.