Jümle-jahan gül-gülüstan

19 Mart 2024
501

Eziz Diýarymyza kalbymyzy joşduryp, göwünlerimizi şatlandyryp, ýüreklerimize röwşen nur çaýyp bahar-ýaz geldi. Ajaýyp nagmalaryny kakyp, durna bilen gaz geldi. Bu bagtyýar ajaýyp döwrümizde tutuş tebigatymyzy janlandyryp, ümmülmez sähralarymyzy, beýikli-pesli depedir düzlerimizi, geriş-geriş daglarymyzy ýaşyl begrese besläp, türkmen baharynyň gelşi-de üýtgeşik. Pasyllaryň soltany bahar paslynyň ilkinji günlerinde howanyň ygally gelip, ýagyş-ýagmyryň köp ýagmagy, hatda akja garlar sepeläp, aklykdan nyşan berip, garyň ýagmagy gyşy bilen dynç alyp ýatan bereketli topragymyzyň kemsiz yzgaryny ýetirdi. Ony gurplandyryp, güýjüne güýç goşup, bugdaý ekilen meýdanlarymyzy ýaşyl maýsalara besledi. Bu bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ekinlerimiziň hasylly, saçaklarymyzyň dürli naz-nygmatlardan doly bolup, ajaýyp döwranly türkmeniň rysgal-berekediniň, döwletiniň has-da artjakdygynyň nyşanydyr. Ata-babalarymyzyň: «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýip aýdyşlary ýaly, şu ýyl gadymy türkmen topragyna täzelenişiň hem-de nuranalygyň baýramy bolan Nowruz özüniň kalplara şatlyk paýlaýan ajaýyp günleri bilen gelýär. Öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruzyň gelmegi her bir adamyň şatlygyny goşalandyrýar. Türkmen halky gadymy wagtlarda hem Nowruzy özboluşly baýramçylyk hökmünde belläpdir. Zenanlar Nowruz baýramyna gabatlap çelpek, gatlama, pişme, palaw, dograma, çekdirme, semeni ýaly milli toý tagamlaryny bişiripdirler. Gelin-gyzlar läle kakyp, çagalar dürli oýunlary oýnap şatlanypdyrlar. Nowruz bilen baglanyşykly yrymlar hem bar. Obada iň hormatlanýan aksakgallar ekerançylyk işlerine ak pata berip, ilkinji bolup, ýere tohum sepipdirler.

Baýramçylykda, esasan, ösümlikden taýýarlanylýan tagamlary bişirmek adat bolupdyr. Däp boýunça baýramçylyk saçagy ýedi tagam bilen bezelipdir. Ol tagamlar ösümlikleriň ýedi görnüşinden — bugdaýdan, arpadan, darydan, tüwüden, mäşden, nohutdan, noýbadan semeni, nowruz ýarmasy, unaş, köje, mäşöwe, süýtli aş taýýarlanylypdyr. Baýramçylykda adamlar täze lybaslar geýýärler, ähli kineler unudylýar, birek-birege sowgat berýärler. Baharyň gelmegi bilen, Nowruz baýramyny aýdym-sazsyz, şagalaňsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Şeýle-de at çapdyrylyp, göreş tutulyp, ýaglyga towusmak bilen, türkmeniň düzzüm ýaly milli oýunlary oýnalypdyr.

Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.