Görkana baharyň joşguny

19 Mart 2024
457

Halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ene topraga yhlasy, ajaýyp tebigata mizemez söýgini dabaralandyrýan zähmetsöýerligiň baýramy hökmünde mynasyp garşy alýar. «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň buýsanç bilen taryplan Nowruzynda tebigaty uly söýgi bilen synlan pederlerimiz baglaryň şahalaryna ygal düşüp, damjalap dursa, ýylyň hasylly, bereketli boljakdygyna ynanypdyrlar. Ýaz paslynda bolýan tebigy özgerişlere ünsli garap, bu döwürde ýagýan ýaz ýagyşlaryna, ösýän ýele dürlüçe atlary dakypdyrlar.

Tebigata ajaýyp nagyş çekip gelýän baharyň ilkinji günlerinde güýçli ösýän ýele ata-babalarymyzyň «agaç ýaran gara ýel», Nowruzda ýagýan ýagşa «sary sowran», aprelde ýagýan ýagşa-da «keýik garamygy» diýip atlandyrandyklaryny ýaşulularymyz nygtaýarlar. Muňa halkymyzyň döreden «Sowrany bolmadygyň döwrany bolmaz», «Söwür (sowur) gelmän seýran bolmaz, seýran bolman — aýran» ýaly nakyllary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Synçy pederlerimiziň «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz», «Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen — gyz», «Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş», «Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda» ýaly Nowruz bilen baglanyşykly döreden nakyllary ýaz paslynyň tebigatdaky möhüm aýratynlyklaryny, özboluşlylygyny açyp görkezýär. Görkana bahara joşgun berip gelýän Nowruz hemmeleriň kalbyny heýjana salýar.

Orazgül ŞANYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň hünärmeni.