Belent maksatlar halkymyzy jebisleşdirýär

18 Mart 2024
447

Pasyllaryň nuranasy baharyň ilkinji aýy baýramçylyklara baý aý. Ýene-de sanlyja günden ýurdumyzda Milli bahar baýramy toýlanylýar. Ynsanlaryň ruhuny täzeleýän bu aýda ýazky bag ekmek dabarasynyň döwlet derejesinde geçirilmegi hem indi oňat däbe öwrüldi.

Mart aýy berkarar döwletimiziň syýasy durmuşynda hem möhüm ähmiýetlidir. Iki ýyl gowrak mundan ozal — 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi, ählihalk saýlawlarynyň jemlerine laýyklykda, halkymyz özüniň hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň ykbalyny we geljegini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ynandy. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda bolan wezipä girişmek dabarasynda hormatly Prezidentimiz ulus-ilimiziň bildiren uly ynamynyň halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi. Wezipä girişmek dabarasynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň täze saýlanan döwlet Baştutany Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin kesgitlenilen esasy ýoluň, öňde goýlan maksatlaryň, uly wezipeleriň geljekde alyp barjak işiniň esasyny düzjekdigini aýtdy.

Ogulsuraý GARAJAÝEWA,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlar merkeziniň inženeri.