Bag ekmek dabarasy

18 Mart 2024
271

Sogaply işe mynasyp goşandymyz

Eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle hem öňki oturdylan nahallara ideg etmek maksady bilen her ýyl bag ekmek dabarasy geçirilýär. Üstümizdäki ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu asylly iş welaýatymyzyň ähli ýerlerinde ir säherden başlanyp, hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi.